“Gelse Nowruz äleme” atly döredijilik duşuşygy geçirildi
443Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň halypa döredijilik işgärleri bilen talyp ýaşlaryň arasynda döredijilik duşuşyklaryny, halypa-şägirt sapaklaryny yzygiderli guramak barada beren tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda 2021-nji ýylyň 15-nji martynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Gelse Nowruz äleme” atly döredijilik duşuşygy geçirildi.