Uniwersitetimiziň talyp ýaşlary Ýaşlar baýragyna mynasyp boldular

73

16-njy noýabrda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen dabara döredijilikli zähmeti bilen döwrümiziň ösüşlerine goşant goşýan bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýokary okuw mekdepleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan bäsleşige ýaşlaryň 426-sy hödürlenildi. Şolardan 141-si bolsa ýeňijiler diýlip yglan edildi.
Olaryň arasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň 5-si bar.
Mähri Nurýagdyýewa,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Jelaleddin Gurbanow,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty hünäriniň 5-nji ýyl talyby.
Jemşit Halbaýew,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika we informatika hünäriniň 5-nji ýyl talyby.
Leýla Hallyýewa,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň psihologiýa hünäriniň 5-nji ýyl talyby.
Erkin Merdanow,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlar degişli şahadatnamalary we hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary buýsanç bilen kabul etdiler.
Dabara gatnaşyjylar ýaşlaryň jemgyýetçilik işjeňliginiň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna, parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, ýaşlar dialogynyň ösdürilmegine gönükdirilen çäreleriň möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar. Olar bu ugurda alyp barýan köptaraply işleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.






Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30