Uniwersitetimiziň talyby «Türki halklarynyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy
43Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk öwreniş hünäriniň 4-nji ýyl talyby Nurýagdy Baýryýew «Türki halklarynyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy.
Golaýda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde bu ýurduň «Bilim-orkenieti» milli innowasiýa ylmy-gözleg merkezi hem-de «Žana Gazagystan» respublikan innowasion merkezi tarapyndan guralan bäsleşige Nurýagdy Baýryýew internet arkaly gatnaşdy. Şeýlelikde, ol bu bäsleşikde I derejeli Diploma, döşe dakylýan nyşana we kuboga mynasyp boldy.
Ozal «Türki halklaryň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh hünäriniň talyby Zyýada Ýusubowanyň ýeňiji bolandygy barada habar beripdik.