Rus dili institutynyň wekiliniň gatnaşmagynda rus dilini öwretmegiň usullary boýunça okuw sapagy geçirildi
727-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Russiýa Federasiýasynyň Halklaryň dostlugy uniwersitetiniň Rus dili institutynyň ylmy işler boýunça direktorynyň orunbasary Olesýa Rumýansewanyň gatnaşmagynda «Rus dili daşary ýurt dili hökmünde: däplerden sanly geljege» atly temadan okuw sapagy geçirildi. Oňa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus dili we edebiýaty hünäriniň talyplary, şeýle hem rus dili we edebiýaty kafedrasynyň mugallymlary gatnaşdylar.
Olesýa Rumýansewa rus dilini öwretmegiň usullaryny ony öwretmekde köpýyllyk tejribe bilen utgaşdyryp gürrüň berdi. Şonuň ýaly-da, ol rus dilini öwretmekde türkmen we rus halkynyň arasynda durmuşyň dürli ugurlary boýunça hyzmatdaşlyklaryň, şonuň ýaly-da, köpýyllyk medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ornunyň uludygy bellenilip geçildi.
Okuw sapagynda rus dilini öwretmegiň häzirki zaman usullarynyň häsiýetli aýratynlyklary we okatmagyň öňdebaryjy usullary bilen baglanyşykly sowal-jogap alşyldy.
Okuw sapagy 24 — 28-nji noýabr aralygynda Ural döwlet rus akademiki halk hor toparynyň, Moskwanyň halk hor toparynyň we Russiýa Federasiýasynyň Patris Lumumba adyndaky Halklaryň dostlugy uniwersitetiniň wekilleriniň Türkmenistana bolýan saparynyň çäklerinde geçirildi.