Rus dilini okatmagyň nazary we amaly meseleleri boýunça ylmy-amaly maslahat geçirildi
141-nji dekabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň roman-german we gündogar dilleri fakultetiniň guramagynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlarynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlarynyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta mekdebiniň, Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlarynyň, talyplarynyň gatnaşmagynda «Rus dilini daşary ýurt dili hökmünde okatmagyň nazary we amaly meseleleri» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Ylmy-amaly maslahatda häzirki zaman türkmen jemgyýeti üçin ýaş nesli terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň ähmiýeti, türkmen-rus gatnaşyklarynda sözlükleriň ähmiýeti, geljekki halkaraçy hünärmenlere rus dilini öwretmegiň aýratynlyklary, rus dilini öwretmekde innowasion usullar, rus dilini hünär dili hökmünde okatmagyň aýratynlyklary, okatmagyň maksatlary, hil talaplary hem-de görnüşleri ýaly ylmy nutuklar boýunça çykyş edildi.
Ylmy-amaly maslahatyň çäginde uniwersitetimiziň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirilen «Alkyş Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz», şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen bagly adybir aýdymlar oňa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Ylmy-amaly maslahat tamamlanandan soňra, okuw binasynyň foýesinde bu maslahat bilen ugurdaş Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň okuw kitaplarynyň, okuw gollanmalarynyň, monografiýalaryň, talyplar tarapyndan taýýarlanylan ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini beýan edýän taslamalaryň sergisi hem guraldy.