ÝEŇIŞLI ÝOLLARYŇ ÝALKYMY
534-nji dekabrda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň bilelikde guramagynda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak — Bitaraplygyň binýady» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeklerinden eserler gelip gowşup, olarda parahatçylyk, Watan mukaddesligi, dost-doganlyk, agzybirlik, ynam hakyndaky pikirler çeper beýan edilýär. Bäsleşige Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary hem işjeň gatnaşyp, ýeňişli orunlara mynasyp bolmagy başardylar. Olar:
Türkmen dili kafedrasynyň dosenti Begmyrat Weýisow – baş baýrak;
Türkmen dili kafedrasynyň mugallymy Aýjemal Hajyýewa – II orun;
Türkmen dili we edebiýaty hünäriniň 3-nji ýyl talyby Mukam Bekgylyjow – höweslendiriji;
Žurnalistika hünäriniň 5-nji ýyl talyby Güneş Derýaýewa – höweslendiriji;
Žurnalistika hünäriniň 3-nji ýyl talyby Parahat Batyrow – höweslendiriji;
Taryh fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Owadangözel Ýusubowa – höweslendiriji.
Bäsleşigiň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.