Uniwersitetimiziň talyplarydyr mugallymlary Şa serpaýlaryna mynasyp boldular
54Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 15-nji dekabrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkara bilim bäsleşiklerinde gazanan ýeňişleri bilen Watanymyzyň şanyna şan goşan ýaşlary sylaglady. Olaryň hatarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarydyr mugallymlary hem Şa serpaýlarynyň eýesi boldular.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä derejesindäki ders bäsleşiklerinde we olimpiadalarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wekilçilik edip, ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýeten ýokary sepgitlerini dünýä ýaýmakda ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmaýan ýaşlaryň arasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarydyr mugallymlarynyň hem bardygy buýsandyryjydyr.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň buýrugy bilen dünýä derejeli olimpiadalarda birinji orna hem-de altyn medala mynasyp bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Ýakup Annaorazow hem-de himiýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Şatlyk Batyrow 100 000 manat möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Mähriban Kakamyradowa, hukuk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Dawud Abdykadyrow, maglumat tehnologiýalary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Amanmyrat Annamuhammedow hem-de matematika fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Şabibi Nurjanowa dünýä derejeli olimpiadalarda ikinji orna hem-de kümüş medala mynasyp bolmagy bilen 70 000 manat möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy.
Dünýä derejeli olimpiadalarda ýokary netijeleri gazanan talyplary taýýarlan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematiki analiz kafedrasynyň mugallymy Agaserdar Ýollyýew, nazary we eksperimental fizika kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Allamyrat Amanmädow, organiki däl we analitiki himiýa kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Ýagmyr Tulekow 100 000 manat möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy.