Aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi
517-nji dekabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň biologiýa fakultetiniň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan «Dost-doganlyk, ynanyşmak — türkmen halkynyň edebi ýörelgesi» atly aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli guralan çäre biologiýa fakultetiniň talyplarynyň çeper okaýyşlary bilen başlandy.
Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýeňişleriň belent sepgitlerine tarap agzybirlik bilen ynamly öňe barýandygyny buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň berkarar Watanymyzda öňe süren «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymatynyň, «Dialog — parahatçylygyň kepili» ylmy filosofiýasynyň hem-de Milli Liderimiziň atalyk kitaplarynda öz beýanyny tapan parahatçylyk, hoşniýetlilik we ynanyşmak ýörelgeleriniň täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly üstünlik bilen durmuşa geçirilýändigi nygtaldy. Şonuň ýaly-da, häzirki wagtda Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň maksatlarynyň ählumumy ösüşiň wezipelerine we talaplaryna doly laýyk gelýändigi, bu ugurda alnyp barylýan işlerde Birleşen Milletler Guramasynyň ýörelgeleriniň ileri tutulmagynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändigi barada giňişleýin beýan edildi.
Wagyz-nesihat çäresi Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalygyna kabul edilen mugallymlara we talyplara agzalyk şahadatnamalarynyň gowşurylyş dabarasy bilen utgaşdy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylar toparynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary duşuşyga gatnaşyjyklarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.