Hoşallyk maslahaty geçirildi
1117-nji dekabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda “Kämil bilim, ylymly nesil – Bitarap Watanymyzyň durnukly ösüşleriniň aýdyň kepili” atly hoşallyk maslahaty geçirildi.
Hoşallyk maslahatynda çykyş eden professor-mugallymlar we talyplar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen döwletiň we jemgyýetiň ösüşinde ýaşlaryň ornunyň kesgitlenendigini belläp geçdiler. Çykyşlarda şu ugurda Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 15-nji dekabrda Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty boýunça sport toplumynda sport ýaryşlarynda we ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlary hem-de olaryň halypa mugallymlaryny, tälimçilerini sylaglamak dabarasynyň geçirilendigini, ýurdumyzda ylymly, bilimli, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak barada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtap geçdiler.
Şonuň ýaly-da, çykyşlarda Halkara Bitaraplyk gününiň we hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň yoly” atly täze kitabyny sowgat etmegi, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, syýasy taýdan sowatly ýaşlary kemala getirmekdäki hyzmaty dogrusynda belläp geçdiler.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirilen “Alkyş Size Arkadagly Gahryman Serdarymyz”, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda”, “Watanym”, “Türkmenistan” ýaly aýdymlar hoşallyk maslahatyna gatnaşyjylarda täsir galdyrdy.
Hoşallyk maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlaryň ylymly, bilimli we giň dünýägaraýyşly ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.