Türkmen döwlet uniwersitetinde zehin bäsleşigi geçirildi

13

17-nji dekabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Akyl, parasat ýolunda nurly geljege tarap» ady bilen guralýan «Bilermenler» zehin bäsleşigi geçirildi.
Zehin bäsleşigi halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýaly asylly däplerinden gözbaş alýan hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýetini açyp görkezmek, Täze ýyl baýramçylygyny şatlyk-şowhunly, ylym-bilim bilen utgaşykly belläp geçmek, şeýle hem talyplaryň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bilim ulgamynda ýola goýlan gatnaşyklary has-da ösdürmek hem-de ýaşlary kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýär.
Bäsleşige her ýokary okuw mekdebinden bir topar gatnaşyp, her topar 6 esasy, 2 ätiýaçdaky talypdan düzüldi. Bäsleşik 3 tapgyrda geçirildi we her tapgyrda 12 sorag berildi.
Soraglar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri esasynda taýýarlanyldy. Şeýle-de, bäsleşigiň dowamynda umumy, logiki we baýramçylyga bagyşlanan soraglar berildi.
Zehin bäsleşiginde ýeňiji bolan toparlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň degişli diplomlary hem-de ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30