Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli sylaglanyş dabarasy geçirildi
49Şu gün, 20-nji dekabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik toplumynyň wekillerini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda guralan kitaplaryň, amaly-haşam sungatynyň sergisi, ýokary okuw mekdebiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylar topary tarapyndan ýerine ýetirilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişelik Bitarap Watanymyzyň okgunly ösüşlerini, milli gymmatlyklarymyzy wasp edýän aýdymlar dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Dabarada çykyş edenleriň belleýşi ýaly, hemişelik Bitaraplyk syýasatyny alyp barýan eziz Watanymyz gysga taryhy döwrüň içinde dünýäniň hemmetaraplaýyn ýokary depginler bilen gülläp ösýän, kuwwatly döwletleriniň birine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilen halkara forum uly üstünliklere beslendi.
Soňra «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň hem-de «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşanynyň gowşurylyşy boldy. Sylaglara mynasyp bolanlaryň hatarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň hem bolmagy guwandyryjydyr.
Dabara gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zähmet çekmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.