Sylaglanyş dabarasy geçirildi
2223-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli halkara we döwlet derejesinde geçirilen sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlarynydyr talyplaryny sylaglamak dabarasy geçirildi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň sport toplumynda geçirilen dabarada edilen çykyşlarda ýurdumyzda bedenterbiýe we sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işler, ýaş türgenleriň halkara ýaryşlara gatnaşmagy üçin döredilýän mümkinçilikler barada giňişleýin durlup geçildi. Soňra sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan mugallymlar we talyplar sylaglanyldy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylar toparynyň çykyşlary dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Dabara gatnaşyjylar ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy babatda döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.