«Türkmen uniwersiteti» gazetiniň ýörite sany çykdy
15Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Türkmen uniwersiteti» gazetiniň ýörite sany çykdy.
Gazetiň ýörite sany Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanypdyr. Gazetiň birinji sahypasynda ýerleşdirilen «Rowaçlyga beslenen ýyl» atly makalada 2025-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyplarynyň gazanan üstünlikleri barada giňişleýin durlup geçilýär. Okyjylar gazetiň täze sanynda uniwersitetiň täzelikleri, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolan mugallymlaryňdyr talyplaryň ýürek sözleri bilen hem tanşyp bilerler. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp taýýarlanylan makalalarda ýerleşdirilen owadan suratlar bolsa olaryň many-mazmunyny giňişleýin açyp görkezýär.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyplarynyň Täze ýyl baýramy mynasybetli döreden goşgulary hem okyjylar köpçüliginiň ünsüni özüne çeker.
«Türkmen uniwersiteti» gazetiniň ýörite sanynda Täze ýyl baýramçylygy bilen bagly ýerleşdirilen gyzykly maglumatlar bolsa owadan suratlardyr täze ýyl bezegleri bilen baýlaşdyrylypdyr.
Gazetiň ýörite sanyny ŞU ÝERDEN ýükläp bilersiňiz.