Aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi
2929-njy dekabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen Täze — 2026-njy ýyl mynasybetli «Gel Täze ýyl bagt paýlap bu berkarar eýýama, Bütin älem beslensin bagtyýarlyk owaza» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Dabarada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary çykyş edip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakalara baý ýyllaryň biri bolandygy, Berkarar Watanymyz hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň halkara derejede bellenilip geçilendigi barada giňişleýin bellenildi. Şonuň ýaly-da, 2026-njy ýylda Türkmenistan Watanymyz özüniň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygyny giňden belläp geçjekdigi, täze ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly şygar esasynda atlandyrylmagynyň ýurdumyzyň bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine eýerjekdiginiň aýdyň subutnamasydygy buýsanç bilen nygtaldy.
Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylar topary tarapyndan ýerine ýetirilen «Gözel ülkäme Täze ýyl geldi», «Alkyş Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» atly aýdymlar baýramçylyk dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar nesilleri kämillik ruhunda terbiýelemek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli kemala getirmek ugrunda alyp barýan tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.