Taryh we arheologiýa institutynyň alymlarynyň gatnaşmagynda täsirli duşuşyk geçdi

131

16-njy ýanwarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň mugallymlarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlarynyň gatnaşmagynda 2026-njy – «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany» ýylynyň ähmiýeti we onuň nyşanynyň many-mazmuny barada duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň bölüm müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty, arheolog Allaguly Berdiýew türkmen bedewleriniň taryhy, ýurdumyzyň çäklerindäki ýadygärliklerde geçirilen arheologiýa barlaglary esasynda ýüze çykarylan tapyndylarda bedewleriň keşbiniň şöhlelenişi dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de, arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty Mähri Perdeliýewa arheologiýa maglumatlarynyň üstüni etnografiýa barlaglarynyň netijeleri bilen ýetirip, at bilen baglanyşykly däp-dessurlar, yrym-ynançlar, türkmen halyçylyk sungatynda bedewleriň keşbiniň şöhlelendirişi barada giňişleýin belläp geçdi.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30