TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň kitaphanasynda duşuşyk geçirildi
10521-nji ýanwarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda kitap okamaklygyň biraýlygynyň çäginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň kitaphanasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Bu ýerde çykyş eden mugallymlar we talyplar çeper eserleriň okyjyny ynsanperwerlige çagyrmakdaky hyzmaty barada giňişleýin bellediler. «Kitap üstünligiň gözbaşy», «Kitap okan gullar magnydan dokdur...», «Kitap ylym-bilim çeşmesi» ýaly temalarda edilen çykyşlar duşuşyga gatnaşyjylarda uly täsirleri galdyrdy.
Duşuşykda çykyş edenler Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda kitap okamaklygyň biraýlygyň çäginde geçirilen duşuşygyň ýaşlaryň bilim derejesini kämilleşdirmäge we ylmy dünýägaraýşyny ösdürmäge ýardam bermekde ähmiýetiniň uludygyny bellediler.
Duşuşygyň çäklerinde talyplar TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň kitaphanasynda saklanylýan gadymy golýazmalar bilen tanyşdyryldy.
Duşuşyga gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim-ylym ugurlaryny kämilleşdirmek babatdaky tagallalary, yzygiderli goldaw-hemaýatlary üçin Gahryman Arkadagymyza hemde hormatly Prezidentimize egsilmez alkyş sözlerini aýdyp, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläkde rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.