Ählihalk ýowar geçirildi

1007

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek bilen baglanyşykly ýylyň-ýylyna tutumly işler giň gerimde durmuşa geçirilýär. Bu işler Gahryman Arkadagymyzyň şahsy göreldesi bilen alnyp barlyp, bag nahallaryny ekmek we olara ideg etmek, daş-töweregi arassalamak işleri bilen utgaşýar.
2021-nji ýylyň 20-nji martynda Ählihalk ýowary Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzda Milli bahar baýramynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegi bilen utgaşdy. Bu Ählihalk ýowary ýurdumyzyň döwlet hökümet agzalarynyň, daşary ýurtlaryň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň işgärleriniň, dürli ulgamlarynda zähmet çekýän wekilleriň we beýlekileriň gatnaşmagynda geçirilip, ýurdumyzyň boz meýdanlarynda täze bag nahallary oturdyldy. 
Bu Ählihalk ýowaryna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary, işgärleri we talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Olar bag nahallaryny oturtmak, öň ekilen baglara ideg etmek we olary timarlamak, daş-töweregi arassalamak ýaly işleri ýerine ýetirdiler.

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30