«Kitap — geçmişi we geljegi birleşdirýän edebi miras» atly çäre geçirildi
1724-nji ýanwarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Kitap – geçmişi we geljegi birleşdirýän edebi miras» atly çäre geçirildi. Oňa uniwersitetiň professor-mugallymlary, ylmy kitaphanasynyň işgärleri we talyplar gatnaşdylar. Çäre Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 – 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» tassyklanylmagynyň 1 ýyllygyna, hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 11-nji ýanwardan 11-nji fewral aralygynda geçirilýän kitap okamagyň biraýlygyna bagyşlandy.
Dabarada çykyş edenler halkymyzyň şöhratly taryhynda kitaba goýulýan hormat-sarpa, ylmyň-bilimiň jemgyýetdäki orny, bu ugurda alnyp barylýan ýaşlar syýasaty, ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly bolmagynda kitabyň orny bilen baglanyşykly giňişleýin gürüň berdiler. Çykyşlarda şöhratly taryhymyz, meşhur şahsyýetlerimiz we milli mirasymyz hem-de ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty we durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşi beýan edilýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň taryhy ähmiýeti barada beýan edildi.
Çäre bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň eýwanynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, orta asyrlar, nusgawy we häzirki zaman türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň kitaplarynyň, uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň, monografiýalaryň, dürli ýygyndylaryň sergisi oňa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.