Eýranly professor-mugallymlaryň gatnaşmagynda hünär kämilleşdiriş okuwlary geçirilýär
222026-njy ýylyň 16-njy fewralynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň guramagynda eýranly professor-mugallymlar tarapyndan ýurdumyzyň pars dili we edebiýaty boýunça ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary üçin hünär kämilleşdiriş okuwlary başlady.
Okuwlar Eýran Yslam Respublikasynyň Saady gaznasynyň pars dili we edebiyaty mugallymlary Ahmadighader Shahnaz we Sheikhi Tahmine tarapyndan alnyp barylýar.
Okuwlara Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşýarlar.
Okuwlar 10 günüň dowamynda geçirilýär.