“Kitaba bolan söýgi türkmen halkyna mahsus ynsan sypatlarynyň biridir” atly surat çekmek boýunça bäsleşiginiň sergisi

24

Uniwersitetiň taryh fakultetiniň dünýä taryhy kafedrasynyň gurnamaklygynda kitap okamaklygyň biraýlygynyň çäklerinde “Kitaba bolan söýgi türkmen halkyna mahsus ynsan sypatlarynyň biridir” atly surat çekmek boýunça bäsleşigiň sergisi geçirildi. Sergide talyplaryň ýerine ýetiren işleri görkezildi. Ýörite bellenilen eminler topary tarapyndan her bir ýerine ýetirilen iş degişli ballar bilen bahalandyryldy. Bäsleşigiň jemlerine laýyklykda taryh fakultetiniň syýasaty öwreniş hünäriniň 1-nji ýyl talyby Rejepow Parahat I orna, taryh hünäriniň III ýyl talyby Maksadow Nurmuhammet II orna, taryh hünäriniň I ýyl talyby Şöhradow Mährem III orna mynasyp boldy. Ýeňijilere Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30