Halkara forumyň “Muhammet Baýram han türkmeniň edebi mirasy we milli terbiýäniň kökleri” atly bölümi geçirildi
590Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde guramagynda 2021-nji ýylyň 31-nji martynda “Muhammet Baýram han türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri” atly onlaýn arkaly halkara forumyň “Muhammet Baýram han türkmeniň edebi mirasy we milli terbiýäniň kökleri” atly 3-nji bölümi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirildi.