Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
9Şu gün, 2-nji martda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Içeri işler ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň, Bilim ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Demokratik partiýasynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekilleri çykyş etdiler. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde durmuşa geçirýän özgertmeleri, «Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda», «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna we beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna laýyklykda, ýaşlar syýasatynyň dabaralanyşy, bu ugurda alnyp barylýan işler döwletiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Şeýle hem çykyşlarda 2026-njy — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmeginiň taryhy ähmiýete eýe bolup durýandygy bellenilip, häzirki zaman türkmen jemgyýetine mynasyp ýaş nesli kemala getirmekde olary watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekdäki işleriň ähmiýeti nygtaldy. Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar tarapyndan ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny dabaralandyryp, milli däp-dessurlarymyza, ruhy we ahlak gymmatlyklarymyza hormaty, ýaş nesli kämillik ruhunda terbiýelemek, ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatda alyp barýan tutumly işleri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözleri beýan edildi.

