“Talyp gözeli – 2026”
232026-njy ýylyň mart aýynyň 4-ne Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yglan edilen “Talyp gözeli – 2026” atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň dowamynda çykyş eden talyp gyzlar ýörite meýilnama boýunça dürli tapgyrlarda bäsleşip, iş başarjaňlygyny, öz ugurtapyjylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilşini görkezdiler. Şeýlelikde, emin agzalarynyň gelen netijesine laýyklykda, baş baýraga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň radiofizika hünäriniň 2-nji ýyl talyby Aýjan Baýramowa mynasyp boldy. Bäsleşigiň ahyrynda baýrakly orunlara eýe bolan hem-de bäsleşige işjeň gatnaşan talyp gyzlara Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Bäsleşigiň dowamynda döredip beren giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk we alkyş sözleri aýdyldy.

Bäsleşigiň dowamynda döredip beren giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk we alkyş sözleri aýdyldy.
