Zenanlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgadynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi
49Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýokary okuw mekdebinde zähmet çekýän zenan professor-mugallymlara, işgärlere hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgadynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
2026-njy — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly we 8-nji mart – Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen dabara uniwersitetde köp ýyllaryň dowamynda bilim-ylym bermekde we asylly zähmeti bilen görelde bolup durýan, şeýle-de, medeni-köpçülik çärelerinde, jemgyýetçilik işlerinde, sportda gazanan üstünlikler bilen tapawutlanan zenan professor-mugallymlardyr işgärler gatnaşdylar.
Dabarada edilen çykyşlarda türkmen tebigatynyň gül-gunça açýan ajaýyp bahar paslynyň ilkinji günlerinde bellenilýän, halkymyzyň başynyň täji mähriban ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň ajaýyp baýramy bolan Halkara zenanlar gününiň taryhy ähmiýeti barada giňişleýin durlup geçildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýyamynyň Galkynyşy döwründe zenanlarymyza goýulýan hormat-sarpanyň uly ähmiýete eýe bolup durýandygy nygtaldy.
Dabaranyň dowamynda uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdym-saz, «Diýar» tans, folklor we dutarçylar toparlary çykyş edip, olarda ata Watanymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny, mährem enelerimizi, gyz-gelinlerimizi wasp edýän aýdymlardyr sazlar ýerine ýetirildi.