Fransuz dili boýunça bäsleşigiň saýlama tapgyry geçirildi

24

12-nji martda Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ýanynda hereket edýän “Institut français” fransuz dili boýunça okuw merkeziniň guramagynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Halkara Frankofoniýa güni mynasybetli fransuz dili boýunça bäsleşigiň saýlama tapgyry geçirildi. Bäsleşige fransuz dili we edebiýaty hünäriniň talyplary gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara Frankofoniýa güni mynasybetli mart aýynyň dowamynda geçirilýän bäsleşik birnäçe tapgyrdan ybarat. Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy 4-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçiriler.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30