Talyplara daşary ýurt dillerini öwretmegiň tärleri dogrusynda maslahat geçirildi

9

Ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 – 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026-2030-njy ýyllar üçin Meýilnamasyna” laýyklykda “Talyplara daşary ýurt dillerini öwretmekde ylmy-pedagogik tärler” atly usuly maslahat geçirildi.
Ylmy-usuly maslahatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hoşniýetli daşary syýasaty esasynda dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk we özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilişi, halkara gatnaşyklary ösdürmekde dilleri öwrenmegiň ähmiýeti, iňlis dilini talyplara öwretmegiň aýratynlyklary, dili barlamagyň usulyýeti, iňlis dilinden türkmen diline nakyllaryň terjimesi, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ýaşlary terbiýelemekdäki orny, Magtymgulynyň goşgularynda diliň çeperçilik serişdeleriniň ulanylyşy ýaly ylmy nutuklar boýunça çykyşlar diňlenildi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýeti boýunça halkara tejribäni öwrenmek, daşary ýurt dillerini öwretmegiň okuw-usulyýet binýadyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly alyp barýan işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.




Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30