Wagyz-nesihat çäresi

22

24-nji martda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan «Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmekde döwrebap ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň orny» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Wagyz-nesihat çärede çykyş eden professor-mugallymlar we talyplary berkarar Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» syýasatlarynyň esasynda durmuşa geçirýän özgertmeleri ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan maksatnamalaýyn esasda ösdürmäge gönükdirilýändigini belläp geçdiler. Çykyşlarda durmuşyň dürli ugurlary bilen bir hatarda bilim ulgamyny, şol sanda ýokary hünär bilimini täze taryhy döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hem giňişleýin beýan edildi.
Ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň bellenilýän 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy taryhy gymmatlyklaryň häzirki zaman şertlerinde belentden-belent dabaralanýandygy buýsanç bilen aýdyldy.
Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlaryna we talyplaryna Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalyk şahadatnamalarynyň gowşurylyş dabarasy hem geçirildi.
Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylarynyň ýerine ýetiren aýdymlary wagyz-nesihat çärä gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Şonuň ýaly-da, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, professor-mugallymlaryň okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň, monografiýalarynyň hem-de talyplar tarapyndan taýýarlanylan şöhratly taryhymyzy, döwrümiziň durmuş-ykdysady ösüşini beýan edýän taslamalaryň sergisi guraldy.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30