Ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi

45

25-nji martda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Magtymguly adyndaky Halkara baýragyň eýesi, alym Mäti Kösäýewiň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Mäti Kösäýew — edebiýaty öwreniji alym» atly ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi.
Ylmy-döredijilik maslahatynyň başynda uniwersitet tarapyndan 11-nji ýanwardan 11-nji fewral aralygynda geçirilen kitap okamagyň biraýlygy boýunça bäsleşikde iň köp baha gazanan mugallymlardyr talyplara Diplomlar, Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Ylmy-döredijilik maslahatyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň professor-mugallymlary we talyplary hem-de alym Mäti Kösäýewiň nebereleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary tarapyndan «Janly ensiklopediýa» atly edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi.
Ylmy-döredijilik maslahatyndaky çykyşlarda Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan Berkarar Watanymyzda türkmen halkynyň şöhratly taryhy, meşhur şahsyýetlerini we milli mirasyny öwrenmeklige giň mümkinçilikleriň döredilendigi bellenilip, ýaş nesli watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde XX asyrda ýaşap geçen görnükli alym, magtymgulyşynas Mäti Kösäýewiň ömri, ylmy işleriniň gymmaty barada beýan edildi. Alymyň türkmen edebiýat ylmynda galdyran işleriniň häzirki zaman türkmen jemgyýetinde uly orna eýe bolup durýandygy bellenildi.
Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdymlar duşuşyga gatnaşyjylarda täsir galdyrdy.
Ylmy-döredijilik maslahaty bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleriniň, alymlaryň, şol sanda Mäti Kösäýewiň kitaplarynyň, ylmy işleriniň we milli amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň sergisi guraldy.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30