«LinguaTech — 2026» atly hakaton bäsleşigi geçirildi
1127-28-nji martda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak, türkmen dilini sanlylaşdyrmak, Emeli aň (EA) tehnologiýalaryna esaslanan awtomatiki terjime ulgamlaryny, sesli kömekçileri we dil tehnologiýalaryny ösdürmek, talyplaryň hünär ugry boýunça taýýarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, «LinguaTech — 2026» atly hakaton bäsleşigi geçirildi.
Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi ýaşlaryň sanly programma üpjünçiligi boýunça okatmagyň innowasion taslamalaryny işläp taýýarlamaga mynasyp goşantlaryny goşmaga, olaryň bu ugurda hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga, döredijilik ukybyny bäsleşik şertlerinde açyp görkezmäge ýardam berer.
Hakaton bäsleşigine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň her birinden toparlar gatnaşdylar.
«LinguaTech — 2026» atly hakaton bäsleşiginde emin agzalarynyň goýan ballary arkaly toparlaýyn görnüşinde ýeňijiler kesgitlenildi. Ýeňijiler Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Diplomlary we ýadygärlik sowgatlar, beýleki gatnaşyjy toparlar Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.
Hakaton bäsleşigine gatnaşyjy talyplar berkarar Watanymyzda ylymly, bilimli, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarmaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk we alkyş sözlerini beýan etdiler.