Halkara ylmy-amaly maslahatyň bölümçeleri, şeýle hem jemleýji maslahaty geçirildi

33

16-njy aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Taryhy we medeni mirasy öwrenmekde häzirki zaman ylmy barlaglar: halklaryň we medeniýetleriň durnukly ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň işi bölümçelerde dowam etdi, şeýle hem jemleýji maslahat geçirildi.
Sanly ugam arkaly geçirilen ylmy-amaly maslahatyň işi «Türkmenistan – ÝUNESKO: milli we bütindünýä medeni mirasy goramakda halkara hyzmatdaşlygynyň orny», «Halklaryň medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň häzirki zaman ösüşi» hem-de «Taryhy we medeni mirasy öwrenmegiň hem-de okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň meseleleri» atly bölümçeleriň üçüsinde alnyp baryldy.
Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjy Russiýa Federasiýasynyň, Italiýanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gyrgyzystanyň, Namibiýanyň, Ruandanyň, Tanzaniýanyň we Türkmenistanyň professor-mugallymlary, alymlary bölümçelerde möhüm meseleleriň çözgütlerini ýakyndan ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara maslahatyň bölümçelerinde dünýäde möhüm meseleleriň biri bolan medeni mirasy öwrenmekde hem-de goramakda halkara hyzmatdaşlygynda alnyp barylýan işlerde oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alynýandygy barada ylmy nutuklar diňlenildi. Çykyşlarda daşary ýurtly professor-mugallymlar, alymlar wekilçilik edýän ýurtlarynda bu ugurda alyp barýan işleri we tagallalary birleşdirmek bilen öňde durýan wezipeler barada çykyş etdiler. Şonuň ýaly-da, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň ylmy maglumatlaryna esaslanmak bilen, halkymyzyň milli medeniýetiniň we sungatynyň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň dünýä medeniýetindäki, sungatyndaky orny ylmy çykyşlarda beýan edildi.
Günüň ikinji ýarymynda halkara ylmy-amaly maslahatyň jemleýji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşan professor-mugallymlar, alymlar halkara ylmy-amaly maslahatyň ýokary guramaçylykly derejesinde geçirilendigini bellediler. Mejlisde bölümçeleriň işine degişli hasabatlar diňlenildi. Hasabatlarda täze taryhy eýýamda medeniýetleri birleşdirmek bilen, halkara derejede geçirilen ylmy-amaly maslahatyň taryhy häsiýete eýe bolup durýandygy bellenildi, şeýle-de çykyşlarda has tapawutlanan professor-mugallymlara, alymlara, ylmy işgärlere, aspirantlara, doktorantlara ýörite şahadatnamalar gowşuryldy.






Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30