Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda III ders bäsleşikleri geçirildi
232Ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň taryhy hem-de türkmen dili we edebiýaty boýunça III ders bäsleşikleri geçirildi.
Ders bäsleşikleri Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyny, «Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyny» durmuşa ornaşdyrmak, bilim ulgamyna innowasiýalary giň gerimde ornaşdyrmak, mekdep okuwçylarynyň arasynda has zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirildi.
Ders bäsleşikleri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we Ahal welaýatlarynyň okuwçylarynyň gatnaşmagynda, şeýle hem Balkan, Lebap, Mary, Daşoguz welaýatlarynyň okuwçylarynyň arasynda onlaýn görnüşinde geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň welaýatlarynyň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň orta mekdepleriniň her birinden 20-den, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep-internatyndan 5-den köp bolmadyk okuwçylar gatnaşdylar. Ders bäsleşikleriniň geçiriliş düzgünlerine laýyklykda gatnaşyjylaryň synpyna garamazdan umumy ýumuşlar hödürlenildi.
Türkmenistanyň taryhy hem-de türkmen dili we edebiýaty boýunça III ders bäsleşigine gatnaşyjy okuwçylar berkarar Watanymyzda ylymly, bilimli, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarmaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Türkmenistanyň taryhy boýunça III ders bäsleşiginiň netijelerini ŞU ÝERDEN ýükläp bilersiňiz.
Türkmen dili we edebiýaty boýunça III ders bäsleşiginiň netijelerini ŞU ÝERDEN ýükläp bilersiňiz.