Talyplaryň arasynda düzme ýazmak boýunça bäsleşik geçirildi
17Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Parahatçylyk, howpsuzlyk, durnukly ösüş: ýaşlaryň başlangyçlary» atly düzme ýazmak boýunça bäsleşik geçirildi.
Bäsleşigiň esasy maksady «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bilim ulgamyny ösdürmek boýunça, «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmekden, ýaşlary ynsanperwerlik, watansöýüjilik, ygrarlylyk, maksadaokgunlylyk, adyllyk ýaly milli ýörelgeler esasynda terbiýelemekden, zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.
Düzme ýazmak boýunça bäsleşiginiň geçirilmegi talyplaryň türkmen diliniň ýazuw kadalaryny, sözleýiş medeniýetiniň talaplaryny kämil derejede bilmeklerini gazanmaga, olaryň pikirini ýazuw arkaly beýan edip bilmek başarnyklaryny kämilleşdirmäge, döredijilik ukybyny bäsleşik şertlerinde açyp görkezmäge ýardam berer.