Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

25

1-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Bilim ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Demokratik partiýasy, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan “Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça 2026-njy ýylyň maý aýynyň 1 – 31-i aralygynda geçiriljek çäreleriň Meýilnamasyna” laýyklykda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Wagyz-nesihat çäresinde edilen çykyşlarda berkarar Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde durmuşa geçirýän özgertmeleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda has-da rowaçlanýandygy bellenildi.
Çykyş edenler ýaş nesilde watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly ajaýyp häsiýetleri terbiýelemek, ýaramaz endiklerden daşda durmak, ýaşlaryň ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna we milli ahlak ýörelgelerine eýermegi, Internetden maksatlaýyn peýdalanmak, şeýle-de, talyplaryň jemgyýetçilik ýerlerinde özlerini alyp barmagyň kada-kanunlaryny, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegi barada bellediler.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30