Ýeňiş güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

29

1-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly we 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňiş mynasybetli «Watan gahrymanlarynyň şöhratly ýoly — ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegiň beýik nusgasy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Ylmy-amaly maslahat öz işini umumy mejlisde hem-de «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlary — mertligiň we edermenligiň nusgasy», «Türkmen dilini we edebiýatyny öwrenmegiň ylmy-usuly esaslary», «Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ynanyşmagyň konstitusion-hukuk esaslary», «Ylymly-bilimli nesli kemala getirmekde daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmeginiň orny», «Daşary ýurt dillerini innowasion tehnologiýalar arkaly öwretmegiň döwrebap usullary», «Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmakda himiki tehnologiýalaryň kämilleşdirilmeginiň ähmiýeti», «Türkmenistanda tebigaty goramagyň, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmagyň häzirki zaman meseleleri», «Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini ýokarlandyrmagyň we ekologiýa howpsuzlygyny gazanmagyň esasy ugurlary», «Takyk ylymlar ulgamynyň häzirki zaman üstünlikleri innowasion tehnologiýalary ösdürmegiň özenidir», «Fizika we astronomiýa ylymlarynyň häzirki zaman ösüş ugurlary hem-de olaryň amaly ähmiýeti» atly bölümleriň 10-synda alyp bardy. Maslahatda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy edaralardan we beýleki edara-kärhanalaryndan gatnaşan professor-mugallymlaryň, alymlaryň, ylmy işgärleriň, hünärmenleriň, aspirantlaryň, alymlyk derejelerine dalaşgärleriňdir talyplaryň ylmy, ylmy-amaly hem-de ylmy-usuly häsiýetdäki çykyşlarynyň 420-ä golaýy diňlenildi.
Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde dünýäde parahatçylygy giňden ýaýbaňlandyrmakda alnyp barylýan işler barada buýsanç bilen bellediler. Çykyşlarda Beýik Ýeňiş gününi ýakynlaşdyran milli gahrymanlarymyzyň arasynda Berdimuhamet Annaýewiň hem bolandygy, onuň gahrymançylygynyň nesiller üçin nusgalyk mekdep bolup durýandygy buýsanç bilen aýdyldy, şeýle-de Beýik Watançylyk urşy temasynyň edebiýatda we sungatda tutýan orny barada ylmy esasda alnyp barylýan işler, ylmy seljermelerdir ylmy nutuklar diňlenildi hem-de olar boýunça özara pikir alşyldy.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30