Türkmen döwlet uniwersitetinde «Açyk gapylar» güni geçirildi
65Şu gün, 2-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen «Açyk gapylar» gününe paýtagtymyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary we ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Olar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik we ylmy-barlag işleri, ýokary okuw mekdebinde hereket edýän muzeýler hem-de olardaky gymmatlyklar bilen ýakyndan tanyşdylar.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda guralan sergilerde hereket edýän fakultetlerde hünär aýratynlyklaryny öz içine alýan sergi gymmatlyklary oňa gatnaşyjy ýaşlarda özboluşly täsir galdyrdy. Bu sergi gymmatlyklary uniwersitetde ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda alnyp barylýan işler, professor-mugallymlaryň, ýaş mugallymlaryň, aspirantlaryň, talyplaryň, magistrleriň, bakalawrlaryň bilimde, ylymda, sportda we jemgyýetçilik işlerinde halkara, döwlet derejesinde geçirilen olimpiadalarda, bäsleşiklerde hem-de dürli çärelerde gazanan üstünliklerini beýan edýär.
Çärä gatnaşyjy okuwçylar we ýaşlar uniwersitetiň mejlisler jaýynda ýokary okuw mekdebi barada wideofilme tomaşa etdiler hem-de uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň çykyşlaryny diňlediler.
Çäre bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary, biologiýa, iňlis dili, Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili dersleri boýunça geçirilen bäsleşiklerde ýeňiji bolan okuwçylary ýokary okuw mekdebiniň degişli Diplomlarydyr ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.
«Açyk gapylar» gününe gatnaşyjylar kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli kemala getirmek bilen bilim-ylym ulgamyny ösdürmäge döredýän ählitaraplaýyn mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.