Ýeňiş güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi

13

4-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi bilen bilelikde guramagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly, Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy hem-de 1941 — 1945-nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňiş güni mynasybetli «Watan ykbalynda şöhrat duýulýar, Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Dabara uruş we zähmet weteranlary, hormatly dynç alyşdaky ýaşulular, eneler, uniwersitetiň professor-mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda Beýik Watançylyk urşunda Watany gorap, söweş meýdanlarynda türkmenistanly ýigitleriň müňlerçesiniň gaýduwsyzlyk, deň-taýsyz görkezen mertliklerini we edermenliklerini bellemek bilen, Gahryman Arkadagymyzyň atasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň bu uruşda görkezen edermenligi bilen baglanyşykly täsirli gürrüň berdiler.
Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdymlar dabaranyň joşgunyny artdyrdy. «Hakydada galan baky ömürler» atly sahnalaşdyrylan çykyş hem oňa gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar Watanymyzda uruş we zähmet weteranlarymyza edilýän uly hormat-sarpa, ylym-bilim ulgamlaryny ösdürip, ýaşlar syýasatyny giňden durmuşa geçirýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.




Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30