Halkara ylmy-amaly maslahatyň işi bölümçelerde dowam etdirildi

19

Şu gün, 14-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy hem-de Ylymlar güni mynasybetli sanly ulgam arkaly geçirilýän «Häzirki zaman ylmy barlaglar we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň işi bölümçelerde dowam etdirildi. Şeýle hem ylmy-amaly maslahatyň ýapylyş dabarasy geçirildi.
Şeýlelikde, halkara ylmy-amaly maslahatyň işi «Tebigy ylymlaryň häzirki zaman ösüşinde innowasion tehnologiýalaryň orny. Tebigy ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegi», «Sanly tehnologiýalary ösdürmekde takyk ylymlaryň gazanan üstünlikleriniň ähmiýeti. Takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň häzirki zaman usullary», «Ynsanperwer ylymlary ösdürmegiň esasy ugurlary: taryh, psihologiýa, pedagogika, hukuk we jemgyýeti öwreniş ylymlarynyň wajyp meseleleri» hem-de «Türkmen we daşary ýurt dillerini, edebiýatyny öwrenmegiň ylmy esaslary hem-de okatmagyň usulyýeti. Terjimäniň nazaryýeti we amalyýeti» atly bölümçeleriň 4-sinde alnyp baryldy.
Türkmenistanly we daşary ýurtly professor-mugallymlar, alymlar, ylmy işgärler, doktorantlar, aspirantlar maslahatyň meýilnamasynda göz öňünde tutulan ylmy nutuklar bilen çykyş etdiler, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça pikir alyşdylar.
Ylmy-amaly maslahatyň ýapylyş dabarasynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň tagallalary esasynda Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen ylym-bilim babatda hyzmatdaşlyk işleriniň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Dabara gatnaşyjylar ylym, bilim we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygy ösdürip, bu ugurlarda gazanylýan üstünlikleri dünýä jemgyýetçiligi bilen paýlaşmaga, tejribe alyşmaga hem-de häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň kämilleşmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.






Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30