Şanama okamak bäsleşigi geçirildi
34Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň guramagynda Pars dilini goramak we Abdulkasym Ferdöwsiniň şygryýet güni mynasybetli Şanama okamak bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşige Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aly Mojteba Ruzbehani, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi hem-de beýleki myhmanlar gatnaşdylar.
Myhmanlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň okuw binasynyň eýwanynda guralan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyňdyr monografiýalarynyň hem-de türkmen we pars halkynyň milli amaly-haşam sungatynyň sergisine aýlanyp gördüler. Olar sergi gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdyryldy.
Bäsleşige Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň pars dili öwrenijileri gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertine görä oňa gatnaşyjylar Abulkasym Ferdöwsiniň «Şanama» eserinden bentleri aýtmak, olary düşündirmek hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň mugallymlaryndan ybarat emin toparynyň agzalary tarapyndan berilýän soraglara jogap bermek bilen, üç tapgyrda bäsleşdiler.
Bäsleşigiň tapgyrlarynyň ahyrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçihanasy tarapyndan taýýarlanylan wideoşekiller görkezildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary tarapyndan pars dilinde aýdymlar hem-de Abulkasym Ferdöwsiniň goşgusyna aýdymlar, prezentasiýaly çykyşlar ýerine ýetirildi.
Eminler toparynyň agzalary tarapyndan Pars dilini goramak we Hekim Abulkasym Ferdöwsiniň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän goşgy bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi we olara sylaglary gowşurmak dabarasy geçirildi.
Goşgy bäsleşigine gatnaşyjylar ýaşlaryň zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda hem-de Gündogaryň beýik şahsyýetlerini, söz ussatlaryny öwrenmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Liderine, Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.