Çeper okaýyş we diwar gazetlerini taýýarlamak boýunça bäsleşikler geçirildi

46

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen «Sagdynlyk — röwşen geljegiň berk binýady» atly diwar gazetlerini taýýarlamak hem-de «Sagdynlyk, ruhubelentlik ýurdumyzda ýörelge, Arkadagly Serdarymyz biz ýaşlara görelde» atly çeper okaýyş bäsleşikleri geçirildi.
Bäsleşige hödürlenen diwar gazetlerinde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmagy ündemek ýaly mazmunlar açylyp görkezildi.
Çeper okaýyş bäsleşigine gatnaşan talyplar ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek barada durmuşa geçirilýän işler boýunça gyzykly çykyşlary taýýarladylar.
Bäsleşikleriň jemleýji tapgyrlarynda öňdäki orunlara mynasyp bolan talyplara uniwersitetiň Ilkinji Ýaşlar guramasynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30