Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara geçirildi
11Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Ynsan ömrüň hemişelik hemrasy, durmuşyň höwesi, ynamy çaga» atly aýdym-sazly dabara geçirildi.
Dabarada edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, eziz Diýarymyzda türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen çagalaryň bilim-terbiýe almaklary üçin çagalar bakja-baglary, umumybilim berýän orta mekdepleri, çagalar üçin sagaldyş we medeni dynç alyş merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Şeýle hem çykyşlarda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyga mätäç çagalara hemaýat, kömek etmekde alyp barýan işleri barada beýan edildi.
Dabara gatnaşyjy çagalar özleriniň ýürek buýsançlaryny Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ata Watanymyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdymlardyr goşgular arkaly beýan etdiler.
Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjy çagalaryň pikirleniş ukyp-başarnyklaryny, olaryň çalasynlygyny barlamak maksady bilen, matallary, ýaňyltmaçlary aýtdyrmak we olary dowam etdirmek bilen baglanyşykly gyzykly bäsleşikler geçirildi.
Aýdym-sazly dabarada Aşgabat şäherindäki 15-nji orta mekdebiniň «Gülýaka» döredijilik toparynyň tansly we dürli dillerde goşguly çykyşlary guraldy. Bu bolsa dabaranyň şowgunyny has-da artdyrdy.
Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdym-saz toparynyň aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdymlar dabara özboluşly öwüşgin berdi.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjy çagalara Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Kärdeşler arkalaşygynyň Ilkinji guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.