«Talyp joşguny – 2026» atly döredijilik festiwalynyň uniwersitet tapgyry geçirildi

24

Şu gün, 2-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň çeper höwesjeňleriniň arasynda yglan eden «Talyp joşguny – 2026» atly döredijilik festiwalynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitet tapgyry geçirildi.
Çykyşlarda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly bilen bagly edebi-sazly kompozisiýa, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işlerini, ata Watanymyzy wasp edýän aýdym ýerine ýetirildi. Şeýle hem talyplar toparynyň ýerine ýetirmeginde türkmen halk aýdymy, talyplar toparyndan düzülen orkestriň milli we nusgawy saz gurallarynyň sazandarlyk etmeginde sazly çykyş, talyp durmuşyndan degişme sahnasy boldy. Halk döredijiliginiň eserlerinden ýerine ýetirilen parçalar, şygyrlary çeper okaýyş, meşhur awtorlar tarapyndan döredilen aýdymlary ýerine ýetirmek, taryhda yz galdyran beýik şahsyýetlerimiziň keşbini çeper ussatlyk bilen teatrlaşdyrylan sahna oýny, saz astynda tansly çykyşlar oňa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Türkmenistan döwletimizde ýaşlar üçin edilýän alada ýokary derejä eýe boldy. Berkarar döwletimizde türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan türkmen ýaşlaryna ýokary amatly şertleri üpjün etmek bilen bir hatarda, olaryň ylym-bilim öwrenmegi, medeniýetiň we sungatyň görnüşleri bilen ýakyndan tanyş bolmagy, türkmen halkynyň edebi mirasynyň taryhyny öwretmek bilen olarda giň dünýägaraýyşly, ylymly, bilimli, ruhubelent, şahandaz nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi döwletiň ileri tutýan maksatlarynyň birine öwrüldi.
«Talyp joşguny — 2026» atly döredijilik festiwaly hem talyplaryň arasynda zehinli, ukyply, başarnykly ýaşlary ýüze çykarmakda hem-de olaryň bu ugurdaky bar bolan başarnyklaryny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30