Aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi
283-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde maglumat tehnologiýalary hem-de matematika fakultetleriniň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan «Ýurdumyzda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň Strategiýasy — bedew batly sanly geljegiň kepili» atly aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede edilen çykyşlarda ýurdumyzda bilim-ylym ulgamyny ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýetilen belent sepgitler barada buýsanç bilen bellenildi. Dabarada çykyş edenler ýurdumyzda okuw işine häzirki zaman sanly tehnologiýalarydyr usullary ornaşdyrmak, emeli aň we ýaşlaryň innowasion mümkinçilikleri boýunça hem giňişleýin gürrüň berdiler.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylar toparynyň ýerine ýetiren aýdymlary çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlaryna we talyplaryna Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalyk şahadatnamalarynyň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň we Syýasy Geňeşiniň Hormat hatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.