Ylymlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

14

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly we Ylymlar güni mynasybetli “Ylmyň we innowasion tehnologiýalaryň ösdürilmegi durnukly ösüşi gazanmagyň ygtybarly ýoludyr” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahatyň işi umumy mejlisden we “Takyk ylymlaryň ösdürilmegi innowasion tehnologiýalary kämilleşdirmegiň baş şertidir”, “Ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmeginde maglumat tehnologiýalarynyň orny”, “Ýurdumyzyň ylmy-tehniki ösüşinde fizikanyň we astronomiýanyň gazanan üstünlikleriniň ähmiýeti”, “Himiýa senagatynyň ösdürilmegi – tebigy baýlyklary özleşdirmegiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ygtybarly ýoly”, “Biologiýa dürlüligi goramagyň we köpeltmegiň häzirki zaman usullary”, “Ýaşlaryň ekologiýa medeniýetiniň ösdürilmegi daşky gurşawy goramagyň esasy wezipesidir”, “Täze taryhy döwürde türkmen dilini we edebiýatyny öwrenmegiň ylmy-usuly meseleleri”, “Iňlis dilini we edebiýatyny öwrenmegiň hem-de öwretmegiň häzirki zaman usullary”, “Daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetinin kämilleşdirilmegi – ylymly-bilimli nesli kemala getirmegiň baş şerti”, “Türkmenistanyň taryhyny öwrenmegiň we medeni mirasy goramagyň nazary-amaly esaslary”, “Jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini gazanmakda we milli demokratiýany ösdürmekde hukuk ylmynyň orny” atly bölümleriň 11-sinden ybarat bolup, olara uniwersitetiň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, aspirantlaryň, alymlyk derejelerine dalaşgärleriň, magistrleriniň, talyplaryň, şeýle-de ylmy-barlag institutlarynyň alymlarynyň, ylmy işgärleriniň, ministrliklerdir pudaklaýyn edaralaryndan hünärmenlerden 430 ylmy nutuk meýilleşdirildi. Maslahatda berkarar döwletimizde ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça alnyp barylýan ylmy işler, hususan-da, nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, ynsanperwer ylymlary boýunça çykyş edip, ylmyň durmuşa, önümçilige ornaşdyrylyşy, ruhy-ahlak taýdan aňyýeti kämilleşdirmekdäki orny bilen baglanyşykly ylmy, ylmy-amaly, ylmy-usuly häsiýetdäki çykyşlar diňlenildi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylmy-bilimi ösdürmek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ruhy-ahlak taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmek babatda edýän aladalary, durmuşa geçirýän özgertmeleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza hoşallyk we alkyş sözleri beýan etdiler.




Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30