ELS maksatnamasynyň çäklerinde hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary geçirildi

34

1 – 12-nji iýun aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ABŞ-nyň Ermenistan Respublikasyndaky uniwersitetiniň iňlis dili we aragatnaşyk dersleriniň lektory Brent Antony Andresiň alyp barmagynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Iňlis dili hünärmeni” (ELS) atly maksatnamasynyň çäklerinde ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary geçirildi.
Hünär kämilleşdiriş sapaklary emeli aňyň mümkinçilikleri arkaly iňlis dilini okatmak, okuw maksatnamalary düzmek, okuw serişdelerini, gollanmalaryny taýýarlamak usullaryny hem-de dil başarnyklaryny ösdürmäge, ylmy ýazuw, aragatnaşyk ediklerini we özbaşdak öwrenmek strategiýalary bilen bagly hünär tejribelerini alyşmaga ýardam eder.
12-nji iýunda hünär kämilleşdiriş okuw sapaklaryna gatnaşan mugallymlara we talyplara sertifikatlar gowşuryldy.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30