Ylymlar güni mynasybetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi

33

Şu gün, 12-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Aşgabat şäher häkimliginiň guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy we Ylymlar güni mynasybetli «Ylymly ýaşlar — berkararlygyň binýady» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Wagyz-nesihat çärede çykyş eden professor-mugallymlar we talyp ýaşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, jemgyýeti kämilleşdirmekde ylym-bilim ulgamlaryna uly ornuň degişlidigini giňişleýin belläp geçdiler. Çykyşlarda şöhratly taryhymyzda hem ylmyň mukaddeslik derejesinde belent derejelere eýe bolandygy, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmegiň ylmyň täze gazananlary bilen berk baglanyşykly amala aşyrylýandygy nygtaldy.
Çäräniň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylar topary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdymlar onuň şowhunyny has-da artdyrdy.
Wagyz-nesihat çäresi bilen ugurdaşlykda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, professor-mugallymlarynyň okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň, monografiýalarynyň hem-de talyplar tarapyndan taýýarlanylan şöhratly taryhymyzy, berkarar Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşini beýan edýän taslamalaryň, programma üpjünçilikleriň, işläp düzmeleriň sergisi guraldy.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30