Uçurymlara ak ýol arzuw edildi

47

Şu gün, 16-njy iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýokary bilim ojagyny 2025-2026-njy okuw ýylynda tamamlaýan uçurymlaryň gutardyş dabarasy geçirildi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hünärleriň 30-dan gowragy boýunça 1879 uçurym tamamlaýar.
Dabara ýurdumyzyň ministrliklerdir pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerinden, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we onuň ugurdaş ylmy-barlag institutlarynyň alymlaryndan ybarat Jemleýji döwlet synag toparlarynyň başlyklary, uniwersitetiň professor-mugallymlarydyr uçurymlary gatnaşdylar.
Dabarada çykyşlara orun berlip, olaryň dowamynda bir asyra golaý wagtyň dowamynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli ugurlaryndan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga uly goşant goşýan baýry ylym-bilim ojagynda talyplaryň bellenen dersler boýunça döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyryp, özleşdiren bilimleriniň, hünär başarnyklarynyň netijesini görkezýändiklerine üns çekildi.
Gutardyş dabarasynda tapawutly we göreldeli okan, döwlet hem-de halkara derejesinde ders, ylmy-taslama, döredijilik bäsleşiklerinde ýeňiş gazanan, sport ýaryşlarynda, medeni-jemgyýetçilik çärelerinde işjeňlik görkezen uçurymlara Minnetdarlyk hatlary, uniwersitetiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň höwesjeňleriniň hem-de uçurym talyplaryň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazlar, tanslar, okalan goşgular bu ýere gelenlere ruhy lezzet paýlady.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30