Aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi

24

17-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli «Garaşsyzlyk — şanym, Bitaraplyk — ganatym, Bedew bady bilen galkyn, Watanym!» atly aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmak baş maksatlaryň biri bolup durýar. Çykyşlarda hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara ähmiýeti, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik diplomatiýasynda dünýä dilleriniň orny babatda hem giňişleýin bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda «Türkmenistan — Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi, bedewlerimiz şol ýyllaryň bezegi» atly türkmen we iňlis dillerinde edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi. Şeýle hem TDP-niň agzalygyna kabul edilen mugallymlara we talyplara agzalyk şahadatnamalaryny gowşurmak dabarasy boldy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylarynyň ýerine ýetiren aýdymlary dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30