«Tejribelik hünär ýoluna berk binýatdyr» atly çäre geçirildi
5410-njy iýulda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Ilkinji Zenanlar guramasy tarapyndan “Çynar” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde talyplaryň okuw-terbiýeçilik tejribeliginiň çäklerinde ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işlerimizi wagyz etmek maksady bilen “Tejribelik – hünär ýoluna berk binýatdyr” atly çäre geçirildi.
«Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde talyplaryň okuw-terbiýeçilik tejribeligi döwründe Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» eseriniň zenan mertebesini belende götermegiň ajaýyp nusgasydygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň enesi Ogulabat ejäniň durmuş we zähmet ýoly zenanlarymyz üçin nusgalyk mekdepdigini belläp geçdiler. Şeýle hem zenanlara goýulýan hormat-sarpa, maşgalada çaga terbiýesi, ony terbiýelemekde müňýyllyklardan häzirki günlerimize gelip ýeten ruhy-ahlak gymmatlyklar, ynsan bezeginiň hünär bilen baglanyşygy, gyz-gelinleriň el hünäriniň özboluşly aýratynlyklary barada täsirli çykyşlar etdiler.
Tomusky okuw-terbiýeçilik tejribeligini geçýän talyplara we merkezde dynç alýan çagalara şeýle milli gymmatlyklary öwretmekde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň köňül kelamy bolan ajaýyp eserleriniň gymmatly çeşme bolup hyzmat edýändigi buýsanç bilen bellenildi.
Merkezde hereket edýän gurnaklarda çagajyklar ene-mamalarymyzdan miras galan el işleri, ata-babalarymyzdan milli senetçilik sungaty bilen baglanyşykly zähmet endiklerini berkitmek arkaly, bu ugurda zähmete söýgi döredilýär. Uniwersitetiň talyplary okuw-terbiýeçilik tejribeligini geçmek bilen, dürli ýaşdaky çagalar bilen işlemek ukyp-başarnyklaryny ösdürýärler, bu ugurdaky endiklerini kämilleşdirýärler.