Galmyk döwlet uniwersitetinde geçirilen Olimpiadanyň netijeleri yglan edildi

43

Russiýa Federasiýasynyň B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersiteti tarapyndan “Rus dili we ülkäni öwreniş” dersinden onlaýn görnüşinde halkara olimpiada geçirildi. Olimpiada Hytaý Halk Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Wýetnamyň, Taýland Patyşalygynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Yragyň, Siriýanyň, Gazagystanyň, Afrikanyň ýokary okuw mekdeplerinden we Türkmenistan boýunça “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamanyň” çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, jemi 200-den gowrak talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus dili we edebiýaty kafedrasynyň mugallymy Jennet Şamyýewanyň ýolbaşçylygynda Olimpiada gatnaşan rus dili we edebiýaty hünäriniň 5-nji ýyl talyby Oguldursun Akmuhammedowa ýeňiji diýlip yglan edildi, rus dili we edebiýaty hem-de taryh hünärleriniň beýleki talyplary baýrakly II orna mynasyp boldular.




Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30