Türkmen talyplarynyň halkara matematika bäsleşigindäki nobatdaky üstünligi
9Türkmen talyplary Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London uniwersitetiniň kollejiniň Bolgariýadaky Amerikan uniwersiteti bilen bilelikde 2026-njy ýylyň 27-nji iýulyndan 4-nji awgusty aralygynda geçirilen 33-nji Halkara matematika bäsleşiginde (IMC-2026) üstünlikli çykyş edip, ýokary netije gazandylar.
Berkarar Watanymyzda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda amala aşyrýan düýpli özgertmeleri özüniň oňyn netijesini berýär. Biz muňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, şeýle-de döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde, halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalarda türkmen talyplarynyň görkezýän ýokary netijelerinde hem aýdyň göz ýetirýäris. Türkmen talyplary Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň özleri hakda edýän aladalaryna mynasyp jogap bermäge, bildirilýän ynamy ödemäge çalyşýarlar.
Türkmen talyplary her ýyl döwlet derejesinde, şeýle-de halkara derejesinde geçirilýän ders bäsleşikleriniň ençemesine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Talyplarymyz Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London uniwersitetiniň kollejiniň Bolgariýadaky Amerikan uniwersiteti bilen bilelikde 2026-njy ýylyň 27-nji iýulyndan 4-nji awgusty aralygynda Bolgariýa Respublikasynyň Blagoýewgrad şäherinde geçirilen 33-nji Halkara matematika bäsleşigine gatnaşyp, uly üstünlik gazandylar. Bu halkara ders olimpiadasyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary gatnaşyp, olardan 9-sy dürli derejedäki medallara, ýagny 6 altyn, 3 kümüş mynasyp boldular.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Russiýa Federasiýasy, Angliýa, Germaniýa, Fransiýa, Ispaniýa, Italiýa, Hytaý Halk Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Hindistan, Saud Arabysan Patyşalygy, Meksika, Braziliýa, Argentina, Singapur, Azerbaýjan, Wengriýa, Polsa, Rumyniýa, Günorta Afrika Respublikasy, Müsür, Awstraliýa, Täze Zelandiýa, Alžir, Tunis, Bolgariýa, Gruziýa, Ermenistan, Özbegistan, Gazagystan, Türkmenistan we beýleki döwletleriň 450-ä golaý talybynyň gatnaşmagynda geçen bu ders olimpiadasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň amaly matematika we informatika hünäriniň 4-nji ýyl talyby Emir Wellekow altyn medala mynasyp boldy.
Şeýle ýokary derejede geçen halkara matematika bäsleşiginde ýokary okuw mekdebimiziň talyby E.Wellekowyň gazanan bu ajaýyp üstünligi Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň yglan eden Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim syýasatynyň has-da dabaralanýandygyny we onuň halkara derejesine çykýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň subut edýär.
2026-njy – “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Halkara matematika bäsleşiginde gazanylan ajaýyp üstünlikler uniwersitetiň talybynyň sowgady boldy. Halkara matematika bäsleşiginde ýeňiji bolan ýokary okuw mekdebimiziň talyby Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özleri üçin edýän çäksiz aladalary, ýaşlaryň dünýä derejesinde zehin-başarnyklaryny açyp görkezmegi babatda döredýän giň mümkinçilikleri üçin çuňňur hoşallygyny bildirdi.